Geliň “Aýdym aýdalyň”

     Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe beýik  ösüşleri  nazarlaýan  ýurdumyzda  ähli  ulgamlar  bilen bir  hatarda  milli  medeni  mirasymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, taryhymyz, olary  gorap  saklamak  ýaş  nesillere  ýetirmek   ähmiýet  berlip, hil  taýdan  kämilleşdirilýär. Hormatly  Prezidentimiziň  tagallasy  netijesinde  durmuşa  geçirilýän beýik  işler  belent  üstünliklere  guwanyp  ýaşaýan  halkymyzy döredijilikli   zähmete  ruhlandyrýar.  
      Hormatly Prezidentimiz    «Ýaşlar– Watanyň daýanjy» atly  kitabynda: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýäris» diýip  belleýär.  Hut şu   parasatly   sözlerden   görnüşi  ýaly,  geljegimiz  bolan  ýaş  nesilleriň   ylymly,  bilimli,  maksada okgunly bolup kemala  gelmegi  boýunça  giň  gerimli  işler   durmuşa   geçirilýär. Talyp  ýaşlaryň  öz  alýan    bilimlerini  görkezmek  maksady  bilen    Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  millli  konserwatoriýasynyň  gurnamagynda    Ahal welaýat  we  Arkadag  şäheri, şeýle  hem  Maýa Kulyýewa  adyndaky  TMK-nyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdepleriniň talyplaryndan  düzülen ansambl toparlarynyň   gatnaşmagynda “Aýdym  aýdalyň” atly ansambl   bäsleşigi  geçirildi. 
        Şol  bäsleşige  medeniýet  ojagymyz bolan Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  millli  konserwatoriýasynyň ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebiniň   “Aýdym  aýtmak  sungaty”  bölüminiň  IV ýyl  talyplary  Aýjeren  Abdyllaýewa, Muhammetaly  Muhamedow, Yhlas  Welhanow,  Güljeren  Sähetliýewa, Mekan  Aýdogdyýew  dagylar  gatnaşdylar. Olar  daşary   ýurt  we türkmen  ansambl  aýdymlaryny,  a’сappella aýdymlaryny  ýerine  ýetirdiler. Ol  ýerine  ýetirilen  aýdymlar  halypa  mugallymlardan  düzülen  eminler  toparynyň  el  çarpyşmalaryna  mynasyp  boldylar. 
  Şol  bäsleşikde  öz  ukyp  başarnyklaryny, zehinlerini    görkezip  baýrakly  orunlara  mynasyp  boldylar. Ýagny  Aýjeren  Abdyllaýewa, Yhlas  Welihanow II  orna,  Muhammetaly  Muhammedow, Aýjeren Abdyllaýewa  III orna  mynasyp  boldylar. Talyplaryň  baýrakly orunlara  mynasyp  bolmagy olaryň  halypa  mugallymlarynyň buýsanjyny  has-da  belende  göterdi.
    Şeýle  bäsleşikleriň  gurnalmagy,  talyp  ýaşlaryň  öz  bilimlerini  ýüze  çykarmak  üçin,  irginsiz  zähmet  çekip,  öz  saýlap  alan  kärlerini  görkezmek  ugrunda   halypa  mugallymlary  bilen  bilelikde   zehinlerini  görkezmegi  başardylar. 
    
Biz  ýaşlara  okamaga, döretmäge,  medeniýetimizi, sungatymyzy  açyp  görkezmäge  uly  mümkinçilikler  döredip  berýän  Gahryman  Arkadagymyza,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyza   talyp  ýüregimizden  minnetdarlygymyzy  bildirýäris. 
      Hormatly Prezidentimiziñ öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan içeri we daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyñ geljekki gülläp ösüşlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýäniñ halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmegi nazarlaýar. Şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän, bütin älem giňişliginde milletimiziñ mertebesiniñ has-da belende göterilmegi ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyñ, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň sag,  belent  başlarynyň  aman  bolmagyny,  umumyadamzat bähbitli başlangyçlary, döwletli işleriniň  elmydama   rowaçlyklara  beslenmegini  arzuw  edýäris. 
                                                               
 Maýa  Kulyýewa  adyndaky 
 TMK-nyň ýanyndanky Daňatar  
 Öwezow adyndaky  TDÝSM-niň    
 “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV  ýyl talyby 
  Aýjeren  Abdyllaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219