Ud
Garaşsyzlyk bize – türkmen halkyna öz ölmez-ýitmez taryhyny gaýtadan öwrenmäge, ony täzeden ýazmaga, ondaky nämälim sahypalary anyklamaga, şanly geçmişimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şol sanda ýiteňkirlän saz gurallarymyz hem täzeden dikeldildi. Täzeden dikeldilen saz gurallarymyzyň biri hem ud saz guralydyr.
Ud perdesiz, plektr bilen çalynýan iň gadymy kirişli saz guraly bolup, ol Ýakyn Gündogarda, Kawkazda, Orta Aziýada, esasan, Türkmenistanda, Ermenistanda, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Eýranda, Türkiýede, Siriýada, Gresiýada, Müsürde giňden ýaýrandyr. Uduň sesi mylaýym mahmal owazly, birneme goýurak hem ýognas sesi bar. Köp asyrlaryň dowamynda ud bäş kirişli bolup ulanylýardy. Häzirki zaman ud alty kirişden ybarat bolup, onuň kirişleri kaprondandyr. Onuň 1, 2, 3, 4, 5-nji kirişleri goşa, 6-njysy bolsa ýeke kirişdir. Uduň her goşa kirişleri birmeňzeş ýogynlykda bolup, iki kirişem unison düzülýär we bir kiriş ýaly görülýär. Bu saz guralynda iki senden tä alty sese çenli almak bolýar.
Gadymy döwürlerde ud saz guraly owadanlygy, ýerine ýetiriliş mümkinçilikleriniň kämilligi bilen beýleki saz gurallarynyň kerwenbaşysy hasaplanypdyr. Gadymy arap çeşmelerinde uduň watany Saud Arabystany diýip hasap edilýär. Araplar uduň kädisini agaçdan gyýma (dilim) usulynda ýelim bilen ýelmäp, gapagyny hem agaçdan ýasap, gabarasynam ulurak edipdirler. Bu saz gurala ud adynyň berilmegine-de araplar sebäp bolupdyr diýen pikir bar. Säbäbi “ud” arap sözi bolup, “agaç” diýen manyny berýär. Taryhy çeşmelerde belli bolşy ýaly III – VII asyrlarda Eýranda bu saz guralyň ady barbat bolupdyr. Onuň aşakdaky ýaly iki düşündirişi bar:
1.Barbat – “bar” we “bat” diýen arap sözlerinden ýasalyp, “ördege meňzeş” diýen manyny berýär. Hakykatdanam uda arka tarapyndan seredeniňde uzyn bolmadyk boýunjygy bilen döşi öňe gaýşaryp duran ördegi ýada salýar.
2.Ony Gündogar ýurtlarynda ud çalmakda ussat sazanda Barbad Merzewiniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Gündogaryň beýik şahyry Firdöwsiniň “Şanama” poemasynda Barbad Merzewiniň Eýran patyşasy Hysrowyň köşgünde geçirilen tanymal sazandalaryň ýaryşyna gatnaşandygy we ýeňiji bolandygy şahyrana şygyrlar arkaly beýan edilýär. Şondan soň Hysrow patyşa ony öz köşgüniň sazandasy edip belleýär. Barbad Merzewi 360-dan gowrak aýdym-saz döredip, Gündogar saz medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr.
Uduň ilkinji şekili Siriýanyň Homs şäheriniň golaýyndaky Kasr al-Heýr al-Garbi galasyndan tapylýar. Bu gala 727-nji ýylda gurlup, soňra wagtyň geçmegi ýykylypyr. Biziň döwrümize diňe bu galanyň harabalyklary gelip ýetipdir.
Bu saz guraly ilkibaşda dörände dört kirişli bolupdyr. Muňa Ýemende arheologlaryň gazuw-agtaryş işlerinde dört kirişli gadymy uduň tapylmagy şaýatlyk edýär. Şol dört kiriş arap filosofy Abu Ýakup al-Kindiniň pikirine görä, dört pasyly hem-de dört sany esasy elementi aňladypdyr. Ýöne gadymy çeşmelerde uduň üç, sekiz, on kirişli görnüşleri bolupdyr diýip hem ýazýarlar. Gadymy uduň 9-12-ä çenli içegeden baglanan perdeleri bolup, kirişleri bolsa ýüpek sapakdan işilip we dowarlaryň içegesinden bolupdyr. Orta asyrlaryň beýik alymy, ildeşimiz Abu Nasr al-Faraby ud saz guralynda ussat ýerine ýetiriji bolupdyr. Bu saz gurala birnäçe üýtgeşme girizipdir. Faraby tarapyndan bu saz gurala bäşinji kiriş dakylypdyr diýip ygtybarly çeşmelerde aýdylýar. Ol özüniň meşhur “Saz ylmy” atly kitabynyň bir bölümini ud çalmagyň usullaryna bagyşlap, ilkinji okuw kitabyny ýazypdyr.
VIII asyrda araplar Ýewropa ýöriş edenlerinde Ispaniýa ud bilen bir hatarda gitarany we başga-da birnäçe saz gurallaryny eltipdirler. Ispaniýa baran ud soňra “laud” (la-ud) diýen at bilen ýaýraýar we uly şöhrata eýe bolýar. Şeýlelik bilen bu saz guraly Italiýa, Fransiýa, Germaniýa we başga-da birnäçe Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Ýewropada bu guralyň esasynda lýutnýa saz guraly döreýär. Lýutnýa biraz üýtgeşmeler girizilip, içegeden edilen perdeleriň ýerine, metal simden, soňra bolsa metaldan perdeler edipdirler. Mundan başga-da arap udy hytaýlaryň pipa, ýaponlaryň biwa, wýetnamlaryň tiba saz gurallaryna meňzeşdir.
Faraby döwründe uduň sapyndaky perdeler X asyryň ahyrynda aýrylyp, bäş kirişli perdesiz udlar ýörgünli bolup bolup başlapdyr. Şol kirişleriň hersiniň öz ady bolupdyr. Olar al-bam (aşaky kiriş), al-maslas (üçünji kiriş), al-asma (ikinji kiriş), az-zir (ýokarky kiriş) we al-mutlak (bäşinji kiriş).
Ud XVII asyra çenli Gündogar nusgawy sazynyň esasy guraly boldy. Şonuň üçin Darweş Ali Çang ony “ähli saz gurallaryň şasy” diýip atlandyrdy. Aýdyma sazandarlyk edýän gural hökmünde ilkinji bolup ulanan, hijriniň birinji asyrynda Al-Medinede ýaşan Saip Hasir bolupdyr. Ol arap şygryýetinde pars owazlaryny girizdi. Mundan başga-da nusgawy pars şygryýetinde bu saz guraly Nyzamy Genjewi öz eserlerinde hem taryp edipdir.
Ud gurluşy boýunça üç bölekden ybaratdyr: armyt şekilli kädisi, sapy we sapbaşy. Gadym waglarda ud saz guraly ýasamak üçin armyt miwesine mezeşräk uly kädiden ýasalypdyr. Bu guraly ýasamak üçin kädini ikä bölüp, içini çigitlerden arassalap, geregiçe köwläp, soňra guradypdyrlar. Taýýar bolan kädä sap oturdypdyrlar. Häzirki zaman uduň kädisi agaç gapyrgajyklaryndan ýelmenip ýasalýar. Bu guralyň kädisi armyt, hoz, mahogoni (gyzyl agaç), sandal we derek agaçlaryndan, sapy we gulaklary eben agajyndan ýasalýar. Umuman uduň gurluşy barada aýdanymyzda kädi, gapak, sap, gulaklar, kirişler, üstki we aşaky eşekler, ses çykarýan deşikler ýaly böleklerden durýar. Bu saz guralyň aňyrbaş ses bermegi üçin saýlan agajyňa bagly bolýar.
Ud saz guraly çalnanda onuň gadymdan gelýän saklanyş däbi bar. Uduň kädisi sag aýagyň üstünde goýlup, sag el bilen goltugyňa gysylýar. Sag eliň goşary kirişleriň üstünde, eşekden öňe geçirip, kakuwa taýýar gönüşde saklanýar. Kädiniň aýak bilen birleşýän ýerinde orta daýanç nokadyny tapyp, ol aýagyň üstünde goýulýar. Çep eliň barmaklary sapyň üstünde durýar we kirişleri basar ýaly epilen ýagdaýda saklanýar. Sap, esasan, başam barmak bilen beýleki barmaklaryň arasynda ýerleşýär.
Türkmenistanda ud arassa kwarta interwalyna düzülýär. Uduň notalary sol (skripka) açarynda ýazylyp, ýazylan notalar bir oktawa aşak seslenýär. Onuň ses giňişligi (diapazon) uly oktawanyň do-diýez sesinden, 1-nji oktawanyň lýa sesine çenli ýetýär. Bu saz guralynyň ses giňişligi 3 oktawa golaý bolansoň, halk sazlarymyzy hem ýerine ýetirmekde giň mümkinçilikler döreýär.
Başda belläp geçişimiz ýaly ud türkmen halkynyň gadymy ýiteňkirlän saz gurallarynyň biridir. Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolanyndan soň ýiteňkirlän saz gurallarymyz täzeden dikeldildi. Beýleki saz gurallary bilen bir hatarda ud ilkinji gezek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda hünär hökmünde öwrenmeklik ýola goýuldy. Ondan soňra ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ud hünäri öwrenmeklik ýola goýuldy. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ilkinji gezek okuwçylara we talyplara ud hünäri öwredilip başlandy.
Sazçylyk we sungat mekdeplerinde şeýle-de milli konserwatoriýamyzda ud hünäriniň ýola goýulmagynda ussat sazanda, kompozitor, alym-mugallym Çary Babaýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Çary Babaýew bu saz gural bilen ilkinji gezek 1969 – 1974-nji ýyllarda Daşkentdiň Muhtar Aşrafy adyndaky Döwlet Konserwatoriýasynda okan döwürleri tanyşýar. Türkmenistanda halk saz gurallarynyň köp görnüşiniň, şol sanda uduň hem saz praktikasyna ornaşdyrylmagyny arzuw edýär. Çary Babaýew milli saz gurallarymyzyň 20-ä golaýyny kämilleşdirdi. Şol sanda uduň hem kämilleşdirilen görnüşini döretdi. Onuň kämilleşdirip döreden türkmen udunyň esasy aýratynlygy, onuň kädisiniň gazma görnüşde ýasalmagydyr. Täze uduň eşegini hem güýçli güýçli ses almak niýeti biraz beýgeldipdir.
Gazma uduň beýlekilerden esasy tapawudy onuň labzyndadyr. Tamdyra ýaly gazma gönüşde ýasalmagyna görä onuň ýapyk, çuň, mahmal sesi bardyr. Bu häsiýeti bolsa türkmeniň ähli milli saz gurallarynyň labzy bilen sazlaşykly goşulmagyna mümkinçilik döredýär. Gazma uduň göwrümini kiçidir. Bu bolsa çagalary okadyp öwretmäge has amatlydyr. Gazma uduň kädisini we gapagyny tut agajyndan ýasapdyr.
2022-nji ýylda Çary Babaýewiň “Ud saz guraly” atly okuw kitaby neşir edildi. Bu okuw kitaby çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerine niýetlenip, ud saz guralyna bagyşlanýar. Onda uduň gurluşy, onda saz ýerine ýetirilýän mahaly onuň tutulyşy, uduň sapynda barmaklaryň ýerleşişi, kakuwajyň saklanyşy barada maglumatlar berilýär. Uduň düzülişi, kirişlerinde saz sesleriniň ýerleşişi we olaryň nota düşeginde ýazylyşy ýaş ýerine ýetrijiler üçin sada dilde beýän edilýär. Bu kitap gurluşy boýunça ud çalmagy öwredýän ýönekeý barha çylşyrymlaşýan tertipde ýerleşdirilen gönükmelerden we saz eserlerinden ybaratdyr. Ol mazmun babatda başlangyç sazlardan başlap, professional sazandalyga degişli iri göwrümli eserleri öz içine alýar. Bu kitapda Çary Babaýewiň döreden we ud üçin işlän saz eserleri bilen bir hatarda, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserleriniň Rahman Juraýewiň, Muhammetmyrat Gapurowyň we Meýlis Artykowyň ud üçin işlän nusgalary girizilipdir.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölümi geçen asyryň 90-njy ýyllarynda täze açylan ud, baglama, kanun, çeň, tambur hünärleriniň hasabyna giňedi. Bu bölümde ençeme ýyllardan bäri bas dutar, plektrli dutar, ud hünärleri boýunça ýaş talyplara sapak berip, bu hünärlerden 100-den gowrak şägirtleri ýetişdiren halypa mugallym Atageldi Sytdyhowdyr. Onuň ýetişdiren şägirtleri mugallymçylyk, ýerine ýetirijilik, sungat ussatlary, orkestriň ýolbaşçylary ýaly kärlerde zähmet çekip halkymyza hyzmat edip gelýärler. Atageldi Sytdyhow 1972 – 1977-nji ýyllarda Türkmen döwlet sungat mugallymçylyk institutyny bas dutar hünäri boýunça okaýar. Ol bas dutar boýunça ilkinji sazandadyr hem-de Çary Babaýewiň ilkinji şägirtleriniň biridir. Ol bas dutar hünäri boýunça Çary Babaýewden sapak alýar we öz käriniň kämil eýesi bolýar. Instituty tamamlanyndan soň ýaş sazanda ilkinji saz bilimini alan mekdebi bolan Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesine işe ugradylýar. Ol bu sazçylyk uçilişesine işe gelen ýylyndan 2007-nji ýyla çenli bas dutar hem-de plektrli dutar çalmagyň inçe syrlaryny ýaş talyplara öwredýär. Halypa mugallym 2007-nji ýyldan bäri bu iki hünär bilen bilelikde ud hünärinden hem talyplary okadyp gelýär. Uzak ýyllaryň iş tejribesiniň esasynda häzirki wagtda halypa mugallym Atageldi Sytdyhow mekdebiň “Usuly toparynyň” agzasy hökmünde ýaş mugallymlara okatmagyň usulyýeti boýunça degerli maslahatlaryny berip uly ýardam berýär we mugallymçylyk işiniň daşyndan usylyýet işleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol ud saz guraly üçin türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserlerini, şeýle-de türkmen halk sazlaryny täzeden işläp, nota ýazgysyna geçirdi. Muňa mysal hökmünde “Söýli halan”, “Ýylgaýlar” atly türkmen halk sazlaryny, Aman Agajykowyň “Sorama”, Annageldi Jülgäýewiň “Ýaşlara salam”, nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň “Kontrdans”, rus kompozitory Wasiliý Zaharowyň “Oba polkasy” ýaly sazlaryny görkezmek bolar. Onuň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin ýazan okuw maksatnamalary hem-de gollanmalary, nota ýazgysyna geçiren, ud üçin işlän saz eserleri talyplara hünär öwretmekde giňden ulanylýar. Uzak ýyllaryň dowamynda türkmeniň milli sazyny ýaş talyplara ürç edip öwretmäge ömrüni bagyş eden halypa mugallym Atageldi Sytdyhowyň bitiren işleri göz öňüne tutulyp, 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýynyň, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň gowşurylmagy buýsançly wakalaryň biri boldy.
Alym-mugallym Çary Babaýewiň şägirtleriniň ýene-de biri, birnäçe döwlet bäsleşikleriniň ýeňjisi, ilkinji türkmen udçysy Rahman Juraýewdir. Ol döwrümiziň görnükli sazandalarynyň biri. Ussat sazanda 2002-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny iki hünär boýunça: ud hem-de plektrli dutar hünärleri boýunça tamamlaýar. Ol konserwatoriýany tamamlandan soň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda ilkinji gezek zähmet ýoluna başlaýar. Bu ýerde ol ud çalmagyň inçe syrlaryny höwesjeň oglan-gyzlara öwredip başlaýar. Ussat sazandanyň ýetişdiren şägirtlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sazçylyk, sungat mekdeplerinde gabat gelmek bolýar. Onuň şägirtlerinden Aşgabat şäheriniň 3-nji Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nasiba Gulamowany, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Amangeldi Amangeldiýewi, Mary welaýatyndan Baýram Muhammedowy we beýlekiler agzap geçmek bolar. Rahman Juraýew özüniň udy bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem Hytaý, Hindistan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Katar, Saud Arabystany, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa ýaly dünýäniň ençeme ýurtlarynda konsertlerde öz ussatlygyny görkezip, birnäçe gezek diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ol türkmeniň milli sazynyň dünýä tanalmagyna uly goşant goşdy. Ol öz çykyşlarynda bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren, türkmeniň sazyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirýär.
Rahman Juraýew ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi boldy. Ol döwlet derejesinde 2004-nji ýylda geçirilen “Gorkut owazlary” atly hünär bäsleşiginde ud hünärinden I orna mynasyp bolýar. 2007-nji ýylda bolsa “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bulardan başga-da ol birnäçe döwlet bäsleşikleriniň ýeňijisidir. Halypa sazandanyň türkmeniň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak sazandalary terbiýeläp ýetişdirmekde, şeýle-de aýdym-saz sungatymyzda bitiren bimöçber işleri döwletimiziň üns merkezinden düşmedi. Oňa 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormat at dakyldy. Häzirki wagtda Rahman Juraýew Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Altyn asyr” estrada orkestriniň baş dirižýory wezipesinde zähmet çekýär. Rahman Juraýewiň dirižýorlyk etmeginde bu orkestr 2007-nji ýylda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde orkestrleriň arasynda geçirilen festiwala gatnaşyp, şol festiwalyň ýeňijisi boldy. Ol bu jogapkärli işinden daşary ýerine ýetirijilik we mugallymçylyk kärini hem utgaşykly alyp barýar. Ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda, konsertlerde, medeni çärelerde, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän konsertlerde yzygiderli çykyş etmek bilen, türkmeniň milli sungatynyň ösmegine we dünýä tanalmagyna öz mynasyp goşandyny goşup gelýär.
Umuman, aýdylanlanlary jemlesek bu saz guraly bilen has ýakyndan tanşyp, çalyp, meşgullanyp başlanyňda täze bir sazandalyk ýolunyň syrlarynyň açylyp başlaýandygyny duýmak bolýar. Onuň owazynda geçmişiň ýaňy, milli Garaşsyzlygymyzyň waspy, geljege ynam, ruhubelentlik bar.
Kerwen Baýramow,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Türkmen milli saz gurallary”
bölüminiň talyby.