KALBY AÝDYM-SAZDAN DOLY HALK TÜRKMEN

      Könekileriň «Adamzada berlen ukyp başarnygyň serhedi ýok» diýýänleri kireňsiz hakykat. Dünýäniň ýüzündäki adam eli bilen gurlan we döredilen täsinlikleriň her biri bu pikiriň dogrulygyny tassyklap durandyr. Aýdylşy ýaly, her kim dünýä öz göwün islegi bilen seredýär. Göwnümizi berenligimizdenmi bilmedim welin, taryhyň geçilen menzilleri, şu döwrüň belent sepgitleri barada okamasam-da ýa islendik filme tomaşa etsem-de göwnüm ilki bilen şolardan aýdym-saz hakyndaky maglumatlary agtarýar. Halkymyzyň taryhy menziliniň başlangyjy dogrusynda içginden-içgin gürrüň etmäge ýaýdanýan. Ýöne göwnüme bolmasa welin, türkmeniň dutary türkmen döräp barýaly-da göwnüme. Halkymyzyň aýdym -sazynyň özigiden bir dünýä ahyryn.Halkymyzyň ertekileriniň gahrymanlarynyň hem eli dutarly. Rowaýtdyr tymsallarynyňam gahrymanlarynyň dutary ýanynda. Görogly begiňem bilinde gylyjy bar wagtynda-da egninde dutary bar. Gylyjyny aýran wagtlarynda dutaryny «gümmürdedip» ýigitlerine ruhy güýç paýlap oturandyr. Buzatlaryň hemmesi türkmen durmuşynyň aýdyň hakykatydyr. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaplarynda türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty hakynda örän baý maglumatlar ýerleşdirilendir. Kitaplardaky her bir taryhy we durmuşy maglumat kämilligi bilen kalbyňy heýjana salýar. Şonda ykbalymy, göwnümi dutar senedine, aýdym-saza baglanyma çäksiz begenýärin. Herbir halkyň ruhy dünýäsiniň çeşmeleri onuň sungatynyň süňňündedir. Bu biziň halkymyz babatynda-da şeýledir. Saz döretmek inçe ýol. Şol inçe ýoluň nesillerden-nesillere geçirilip gelinmeginiň özi egsilmez söýgüniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmen aýdym-saz sungaty dünýä derejesinde barha giňden ykrar edilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13— 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt bir agyzdan kabul edildi. ÝUNESKO-nyň dünýä nusgalyk hasaplaýan Maddy däl medeni gymmatlyklaryň ykraryýet sanawynda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, dutaryň üç ugur boýunça, ýagny dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň öz mynasyp ornuny tapmagy biziň üçin buýsandyryjydyr. Bu maglumatlar hem türkmen medeniýetiniň dünýä derejeli mertebesini, şol bir wagtyň özünde-de Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi dabaralandyrmak baradaky tagallalaryny alamatlandyrýar. Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň 26–28-nji marty aralygynda Daşoguz welaýatynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçirildi. Bu festiwal hem ýokardaky sanalan ykraryýet ýollarynyň yzygiderli dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Aýdym-sazyň bar ýerinde parahatçylyk bar, ruhy taýdan kämilleşmek bar. Ine, şu zatlar dogrusynda pikir edip oturan wagtym Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyksazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabyndan ýandepderçäme eden belliklerimiň birini size ýetiresim gelýär. Goý, Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Watanymyzyň halka ýörelgesini dabaralandyrýan bu ajaýyp, kämil kesgitleme şu makalamyzyň jemlemesi bolsun! «Goý, her bir öýde abadanlyk höküm sürsün! Dünýäde abadanlyk baradaky arzuwlar rowaçlansyn! Eziz il-halkym! Men halkymyzyň gymmatly sungat eserlerindäki dili senaly, goly dutarly, köňli sazly gahrymanlaryny gözellige durky bilen berilmegiň asyl nusgasy diýip hasap edýärin. Sözüň ýürege barmagy üçin, onuň ynsanyň durkundan syzylmagy zerurdyr. Şu gün biz Bitaraplyk döwlet syýasatymyzyň rowaçlanmagyny sungatymyzdan aňylýan şol akyl-paýhas, zehinbelentligi bilen baglanyşdyrýarys. Sungata sarpa ertirki günümize sarpamyzdyr. Şol sebäpli biz ruhy baýlygyň manysyna aýdyň düşünip, dünýäniň ähli halklarynyň abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky maksatnamalary durmuşa geçirýäris. Goý, saz ýaňlansyn, mukamlar göwünleriň ýagşy niýetini amala aşyryp, ynsan ruhuny gülletsin». (Kitabyň104-njisahypasyndanalnan) 

Gülnabat AHMEDOWA
 Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
 Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
"Bagşyçylyk sungaty" bölüminiň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219