Saz mugallymçylygy we Hor drižorlygy bölümi

Hor dirižýorlygy bölümi 1946-njy ýylda döredilipdi, emma ol geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap işe girişip ugraýar.
Hünär taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan bir derejeli gurluş düzümi bolup, orta hünär biliminiň birinji derejesidir we hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän orta hünär bilimidir. Dirižýorlyk sungatynyň aýratynlyklaryny we bu sungatyň kanunlalaýyklyklaryny, saz eserleriň formasyna we mazmunyna degişli tutuş soraglar toplumyny öwrenýän, hor toparlary bilen işleýän orta bilimli hünärmeniň hünär derejesi.
Hor dirižýorlygy hünäriniň uçurymlaryna horuň artisti, hor toparynyň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy kärini almaklygy üpjün edilýär. Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde hor mugallymy, umumy bilim berýän mekdeplerinde, mekdebe çenli bilim edaralarynda saz mugallymy, medeniýet ulgamyna degişli bolan aýdym-saz, hor toparlarynda konsertmeýster, hor aýdymçysy, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

Saz mugallymçylygy bölümi mekdebiň iň bir ýaş bölümleriniň biridir. Ol umumybilim berýän mekdeplere saz mugallymlaryny taýýarlamak maksady bilen 1999-njy ýylda açylýar.
Saz mugallymy hünärinde okaýan hünärmenler umumy bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, aýdym-saz döredijilik toparlarynda çagalara saz eserlerini ýerine ýetirmegi öwretmek, wokal ýa-da saz gural eseriniň esasy partiýasyna (heňe) sazandarlyk etmekligi, saz eserlerini asyl görnüşinden ýerine ýetirijiler toparynyň düzümine laýyk täzeden işlemekligi, sungat we bilim ulgamynda çagalar aýdym-saz toparlary bilen konsertlerde çykyş etmegi, köpçülige ýetirmegi, eseriň ýerine ýetirilişine we çeperçilik derejesine baha bermegi, konsert çärelerinde çykyş etmek üçin taýýarlanylýar.
Saz mugallymçylygy hünärini tamamlan uçurymlara orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň aýdym-saz mugallymy kärini almaklygy üpjün edýär. Okuwyn möhleti 3 ýyl 10 aý.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219