MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ
ÝANYNDAKY DAŇATAR ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin taýýarlygyň
aşakdaky ugurlary (hünärleri)
boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan
edýär:
I. Býujet esasynda.
1. Sungaty öwreniş.
(Hünär:
Sazyň taryhy we nazaryýeti)
2. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi.
(Hünärler:
Bagşyçylyk sungaty, Horeografiýa sungaty)
3. Saz sungaty.
(Hünärler:
Türkmen milli saz gurallary (görnüşleri boýunça), Halk saz gurallary
(görnüşleri boýunça), Kirişli saz gurallary (görnüşleri boýunça), Üflenip we
kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça), Hor dirižýorlygy)
II. Tölegli esasda.
1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi.
(Hünärler:
Aýdym aýtmak sungaty (wokal), Estrada sungaty)
2.Saz sungaty.
(Hünärler:
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça), Fortepiano, Saz
mugallymçylygy)
Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden
pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy
35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik
esasynda kabul edilýär.
Resmi iş
kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14–27-nji iýuly aralygynda kabul
edilýär.
Resmi iş
kagyzlarynyň sanawy:
—bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
—bilimi barada resminama asyl nusgasy;
—sazçylyk bilimi barada resminama asyl nusgasy;
—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden)
häsiýetnama;
—3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan
göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet
bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy
toparynyň agzalary,bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri
(taýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça) şol ýagdaýlary
tassyklaýan degişli resminamanyň asyl
nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler
ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş
toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
—şahsy pasportyny;
—harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy
hakynda şahadatnamasyny;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär
şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň _iýul
aýynyň _30-y, awgust aýynyň 01-y we 03-i
günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ugurlara degişli hünärler boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär:
- hünär: Sazyň taryhy we nazaryýeti
hünäri — Hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, türkmenistanyň
taryhy;
- hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal),
horeografiýa sungaty, bagşyçylyk sungaty, saz mugallymçylygy, estrada sungaty—
hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
-beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň
taryhy.
Giriş synaglary sungat mekdepleriniň ,Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda geçiriler.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary
döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga
esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan
geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek
üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanuny rejelenen
görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-54-84, 92-52-19.