BÄSLEŞIKLER

« Milliligim – buýsanjym, başlara göwher täjim » «Talyp gözeli – 2025» edebi – döredijilik bäsleşigi
Arkadag şäheriniň, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda « Milliligim – buýsanjym, başlara göwher täjim » atly «Talyp gözeli – 2025» edebi – döredijilik bäsleşigi «Watan» kinokonsert merkezinde geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiden «Talyp gözeli – 2025» edebi - döredijilik bäsleşigine « Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň I- ýyl talyby Kakamyradowa Merjen gatnaşdy.
Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý edişini, türkmen milli lybaslarynyň asyllylygy, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny, açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi. Uly şatlyk-şowhun bilen, aýdym-saza beslenen bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryň üsti bilen beýan edip, ussatlyklaryny görkezdiler. «El hünäri — il gezer» atly ikinji şerte görä, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde talyp gözeller özleriniň çeper sözleýişlerini, aýdym aýtmak boýunça öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Talyp ýaşlaryň arasynda şular ýaly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy talyplaryň öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik açýar.
Taýýarlan: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň « Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň I- ýyl talyby Kakamyradowa Merjen

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219