8-mart “Halkara zenanlar güni”mynasyberli çäre geçirildi
8-mart “Halkara zenanlar güni”mynasyberli çäre geçirildi“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda fewral aýynyň 28-ne 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” mynasybetli Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy” bölüminiň Hor topary we “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi geçirilip, Arkadag teleýaýlymynda konsert meýilnamasy bilen çykyş etdiler. Bahar buşlukçysy bolup gelýän bu baýram göwün göteriji ynsanyň Watançylyk ruhyna ýugrulan bu çykyş parahatçylyk taglymyny öňe sürýän zenanlaryň şanyna sena hökmünde ýaňlandy. Mizemez agzybirligiň we jebisligiň nyşany bolan bu baýramçylyk ýurdumyzda uly buýsanç bilen bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli işlemäge, döretmäge, öwrenmäge ruhlandyryp barha öňe alyp barýar. Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň aglaba bölegi belli türkmen kompozitorlarynyň sazyna şeýle-de daşary ýurt goňşy döwletleriň dillerinde ýerine ýetirildi.
Medeniýetimizi gülletmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip beren, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň Zenanlar guramasynyň başlygy.