“Parahatlyk-bütin dünýäniň geregi”
“Parahatlyk-bütin dünýäniň geregi”
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bilen bilelikde “Parahatlyk-bütin dünýäniň geregi”atly kitap sergisi gurnaldy.
Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentiiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede belli kompozitorlarynyň kitaplary we Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda döwrebap işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde, kitaphana ulgamy kämilleşdirilip, bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Kitap kitaphana hakynda Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Türkmen halky gadymy döwürlerde-de kitaba ylma, sungata uly hormat, sarpa goýan halklaryň biridir. Nusaýyň, Köneürgenjiň, Merwiň baý kitaphanalary bütin dünýäde belli bolupdyr”diýip belleýär.
Sergä gatnaşyjylar bizi ajaýyp durmuşa bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze balangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Kitaphana müdiri Nuryýewa Maýsa