Nowruz geldi ilime!

 Eziz  Watanymyza ýaz geldi,  güller  açyldy, tebigat  täzeden  janlandy. Bahar  pasly  gözelligiň  paslydyr, şeýle  hem  gülleriň  hoşboý  ysynyň  bark  urýan ajaýyplygydyr. Şu  ajaýyp  pasyl  ynsanlaryň kalbyny  heýjana  salýar,  joşdurýar.  Ülkämiziň     dag-çöl baýyrlygy  ýaz  paslynda ýaşyl  begresini geýip,  al elwan  güllere   beslendi.  
     Ynha bu gün Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  milli  konserwatoriýsynyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türkmen  Döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebiniň agzybir  döredijilik  topary Halkara  Nowruz  güni  mynasybetli    “Ýaşlyk”  teleýaýlymy  bilen  bilelikde  diýarymyzyň  gözel tebigatynda aýdym-sazly  söhbetdeşlik  gurnalyp, ajaýyp  konsert  geçirildi.  
   Bu  baýramçylyk mynasybetli  mekdebimiziň     estrada  orkestri   we   tansçylar  topary  bilen  bilelikde,  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  baştutanlygynda  dost-doganlygyň barha  batlanýan  günlerinde, abadançylygyň,   parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň   waspyny  edýän  ajaýyp aýdym -sazly  tanslar  bilen  çykyş  etdiler.
      Şol    estrada toparynyň sazandarlyk  etmeginde  mekdebiň  “Aýdym  aýtmak  sungaty”  bölüminiň aýdymçy  talyplarynyň  ýerine  ýetirmeginde Täjigistan respublikasynyň aýdymlaryndan “Nowruz” aýdymy  bilen  Bägül  Hudaýberenowa, Azerbeýjan  döwletiniň “Gözel”  aýdymy  bilen Söhbet  Maksatmyradow,                              “Nowruz  geldi”  aýdymy  bilen Rejepmyrat  Kakamyradow dagylaryň  ýerine ýetirmeginde  ajaýyp   aýdymlar  ýaňlandy.
       “Çandybil“  depçiler  topary hem   şowhunly  sazlaryny  ýerine  ýetirip, has  hem  baýramçylyk  dabaramyzyň şowhunyny  artdyrdylar.  Şeýle-de  mekdebimiziň  hor  topary  hem  gözel  ýaýlamyzyň  eteginde  läle  kakyp  aýdym  aýtdylar. 
    Halypa  mugallym Aşyrmyrat  Ýazmyradowyň  ýolbaçşylyk  etmeginde  gargy  tüýdükçiler  toparynyň türkmen  ýaýlasynda  çalan  sazlary türkmen halkynyň  medeni  mirasyna  mahsus  bolan,   Nowruz  baýramçylygynda  türkmen  milli däp-dessurlary biziň  günlerimize  gelip  ýeten  çarwaçylyk, maldarçylyk, Nowruz  ýaýalasynda ak  öýleriň  hatar tutup   gurluşy,   ene-mamalarymyzdan bize  miras  galan keşdeçilik  sunagtyndan  başgada, milli  tagamlarymyz, gazanlar atarylyp Nowruz  baýramy  mynasybetli  taýýarlanýan, türkmen  tagamy  semeni  bişiriliş  däp-dessurlary  gargy  tüýdügiň owazynda  şol  pursatlar  göz  öňünde   janlanýar.
    Biz  ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, öz  alan  bilimimizi,  ýerine  ýetirýän   aýdymdyr-sazlarymyzy  halk  köpçüligine  ýetirmäge  uly  mümkinçilikler  döredip beren Milli  Liderimiz  Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyza  köp  sagbolsunlarymyzy  aýdýarys.  Goý  olaryň, janlarynyň sag,  başlarynyň  dik,  tutýan  tutumly  işleriniň   elmydama  rowaçlyklara  beslenmegini  arzuw  edýäris. 
    Milli  Bahar  baýramy, Halkara  Nowruz  güni bilen Gahryman Arkadagymyzy,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzy we  ähli  türkmen halkyny  gutlaýaryn! Toýlaryňyz  toýlara  ulaşsyn!
Aýdym aýytmak sungaty bölüminiň IV ýyl talyby Hojagurbanowa Ogulbagt

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219