Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-usuly maslahat
Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-usuly maslahat
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky özgerilşikler uly depginler bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň saz bilimini ösdürmäge gönükdirilen ylmy-usuly maslahatlar hem yzygiderli geçirilip, kämil saz hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli öwrenilýär we degişli işler netijeli ýola goýulýar. Şeýle maslahatlaryň biri hem, 2025-nji ýylyň maý aýynyň 03-ne “Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly II ylmy-usuly maslahaty Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi. Ylmy-usuly maslahat umumy mejlis bilen açylyp, mejlisde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwrteniş ylymlarynyň kandidaty R.H.Amangeldiýew, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti, professor Atageldi Garýagdyýew, Sungat ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Jumaýew, kompozitor Meret Annamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktory Merdangeldi Kerimow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler wokal sungatyny millileşdirmegiň esaslary, dünýä tejribesinden ugur almak, türkmen halk aýdym-saz sungatyny öwrenmegiň ähmiýeti, ony öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerine salgylanmak, ýaş kompozitorlary ýetişdirmek, olaryň zehinlerini açmak we döredijilige söýgi döretmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmakda döwrebap usullardan peýdalanmak, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär bäsleşikleriň ähmiýeti, şeýle hem türkmen halk dessanlaryny ylmy esasda öwrenmek, dessanlarda aýdylýan aýdymlaryň sözleriniň manysyna doly düşünip aýtmagyň keşp döretmekde täsirliligi barada gyzykly gürrüň berdiler. Mejlisiň dowamynda türkmen ýaşlaryny öz hünärlerinden kämil edip taýýarlap ýetişdirmekde ýüze çykýan meseleler, teklipler, okatmagyň döwrebap we dünýä tejribesine daýanýan usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra ylmy-usuly maslahat üç sany aýry-aýry bölümçelerde öz işini dowam edip, maslahatda ýurduň ähli künjeklerinde zähmet çekýän ýörite sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň tejribeli mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I derejeli mugallymy Mähriban Jumaýewa “Saz eserleriniň derňewi” dersini okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak” temasy boýunça taýýarlan prezentasiýalarynyň we sapagyna ornaşdyran innowasion usullaryny görkezýän wideorolikleriniň üsti bilen tejribesini paýlaşdy. Şeýle hem, mekdebiň tejribeli halypa mugallymy Gadam Jumagulyýew “Halk saz gurallary orkestriniň meseleleri” temasy boýunça täsirli çykyş edip, mugallymçylyk işinde öz toplan baý tejribesini mugallymlaryň dykgatyna ýetirdi. Maslahatyň ahyrynda okatmakda wajyp bolan meseleler boýunça dürli teklipler berildi we üstünlikli çykyş eden mugallymlara konserwatoriýanyň rektory R.H.Amangeldiýew tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.
Sähra Baýryýewa