“Halypa – daragt, şägirt onuň miwesi”
“Halypa – daragt, şägirt onuň miwesi”
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda tanymal artistler we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen döredijilik duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda talyplar artistler bilen gyzykly söhbet alyşdylar. Okuwymyzyň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyby Öwezowa Merjen öz gezeginde “Halk arasynda “Halypa bir daragt bolsa, şägirt onuň miwesidir” diýen aýtgyny nähili düşündirip bilýäňiz?” diýip sorady. Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedow bu soragyň ýerliklidigini we örän manylydygyny belläp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Ata-Watanymyz ösüşiň kämil derejesi bilen bagta barýan ak ýollarda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Eziz ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bilim bermek, öwretmek, öz hünär tejribäňi paýlaşmak türkmen halkynyň arasynda örän irki döwürden gelýän gowy we peýdaly däpleriň biri bolup durýar. Halypa-birinji iş ýolbaşçysy bilim, tälim bermek, hemme wagt şägirdine maslahatçy bolýar, saýlap alan hünärini kämilleşdirmek ýoluny görkezýän, öz işiniň ussadydyr. Halypanyň elinde tälim alan şägirt, ol eýýam kämillige gol beren ynsandyr. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegi boýunça giň şertler döredilýär. Ata-Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde, halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun” diýip sözüni jemledi.
Häzirki döwürde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda döredijilik topary öz tomaşaçylaryna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Döwlet guşy” romany esasynda sahnalaşdyrylan “Döwlet guşy” atly halk dramasy, şeýle hem “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby esasynda “Ýüpek ýoly-ýürek ýoly” atly sahna eserini görkezmek bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr muşdaklaryna ruhy lezzet berip olaryň gözýetimlerini giňeldip, durmuşa, ýaşaýşa bolan düşünjelerini höweslerini artdyrýar. Bu eserleri sahnalaşdyryp halka ýetirmegiň özi hem, halypa-şägirtlik ýolunyň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bimöçber maddy hem ruhy goldawyna uly döredijilik ýoluny kemala getirdiler. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň pajarlap ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşynyň çägi ýok. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de özara döredijilik duşuşyklara gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Toýlyýewa Dünýägözel