8-nji mart “Halkara zenanlar güni”

8-nji mart “Halkara zenanlar güni”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde jemgyýetimizde uly orun eýeleýän mähriban enelerimize , gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-mart “Halkara zenanlar güni” mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralarda olar wasp edilýär. Şahyrlaryň goşgusynda, sazandanyň sazynda, aýdymçynyň dilinde waspyna sözler ýetmeýär. Kümüş saçly enelerimiziň, mähir muhabbete ýugrulan güler ýüzli zenanlarymyzyň 8-mart “Halkara zenanlar güni “ mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň estrada orkestriniň , tansçylar toparynyň , hor toparynyň mähriban talyplary we "Aýdym aýtmak sungaty" bölüminiň ýekelikdäki we köpçülik bolup aýdym aýdýan bagtyýar talyplarynyň ählisi daşary ýurt dillerinde birnäçe aýdymlary şatlyk şowhun bilen ýerine ýetirdiler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak “ ýylynda fewral aýynyň 28-ne Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde geçirilen çärede “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyplary Azerbeýjan döwletiniň aýdymlaryny üç bolup, ýagny trio görnüşinde ýerine ýetirdiler.
“Kirişli saz gurallar” bölüminiň mugallymy Ýazberdi Jepbarow skripkaçylar ansambly we mekdebimiziň tansçylar topary bilen bilelikde ajaýyp sazlary bilen çykyş etdiler.
Şeýlede Gazak döwletiniň , Täjigistan döwletiniň, Fransiýa döwletiniň, Russiýa Federasiýasynyň , Türkiýe Respublikasynyň , Özbegistan döwletiniň aýdymlaryny mekdebimizin talyplary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Konsertiň soňunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy , Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar bilen tamamladylar.
Elbetde, eneleriň arzuwy bütin jahana abatlykdyr, parahatlykdyr, rowaçlykdyr. Goý, mähriban zenanlarymyza çuňňur sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !

“Aýdym aýtmak sungaty “bölüminiň IV ýyl talyby Ogulbagt Hojagurbanowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219