Magtymguly dunýäniň Akyldary

Magtymguly dunýäniň Akyldary
Mart aýynyň 4-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Magtymguly dünýäniň Akyldary” diýen mowzuk bilen mekdebiň meýilnamasy esasynda we Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň Zenanlar guramasynyň, şeýle-de mekdebiň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy” bölüminiň gurnamagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet ministirliginiň wekili O. Hojanazarowa Magtymguly Pyragy ýiti parasatyň, çuňňur paýhasyň, ötgür sözüň gudraty bilen dünýä edebiýat äleminde ady arşa göterilen beýik akyldar şahyryň, söz ussadynyň belent mertebesi, oňa bolan hormat – sylag diňe diňe bir türkmen däl, eýsem, ynsan nesliniň kalbynyň töründe baky orun tutandygy barada çykyş etdi. Soňra mekdebiň Zenanlar guramasynyň başlygy N. Annaberdiýewa we mugallym L. Salyhowa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülmegi ugrunda asyrlara ýaň salan işleriň durmuşa geçirilendigi barada durup geçdiler. Soňra bolsa mekdebiň hor toparynyň ýolbaşçysy M.Amangeldiýewanyň guramagynda baýramçylyk çykyşlary boldy. Çykyşda türkmen kompozitorlary Daňatar Öwezowyň sazyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Baglar heý”, Weli Ahmedowyň sazyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Türkmeniň”, M.Annamyradowyň sazyna “Toý aýdymy” ýaly eserler ýerine ýetirildi.
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ajaýyp setirleri indi diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň şirin zybanynda nakyl, pähim, dessan bolup ýaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bu eserleriň gaýtalanmajak döredijilik älemi dil baýlygyny, edebi gymmatlyklary çuňňur mazmuna, müdimi şöhrata besläp, geljege barýar.
Bize ýaşamana, işlemäne döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Sersarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Kakaýewa Leýli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219