Bahar geldi ülkäme

Bahar geldi ülkäme

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri toý-dabaralara, şowhunly konsert çärelerine beslenýär. Aýratyn-da, “Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak” ýylymyzda eziz Diýarymyzyň her bir künjeginde belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar özüniň şowhuny bilen al-asmana göterilýär. Elbetde, biri-birine sepleşip gelýän toý-dabaralar, şanly baýramçylyklar mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösen derejelere ýetendiginden habar berýär.

        Ala meýdanlarda dowarlaryň sesi, gül-gülälekli al-ýaşyl sähralarda saýrak guşlaryň owazy, dünýäni unudyp, şadyýana oýnaýan çagalaryň gülküsi-bularyň bary tükenmez joşguna, egsilmez ruhubelentlige  beslenýän ajaýyp toýuň – Milli bahar baýramynyň buşlukçysydyr.

        Bahar tebigatyň gülleýän paslydyr. Ol agaçlaryň pyntyklaýan pasly. Bu günler bahar pasly öz hökümini has ynamly ýöredip ugrady, ynsanlaryň kalplaryny baýramçylyklara mahsus bolan şatlykly ýagdaý gurşap aldy. Ýylyň bu wagty bolsa baýramçylyklara baýdyr. Olaryň iň esasylarynyň biri-de baharyň buşlukçysy hasaplanýan halkara Nowruz baýramydyr.

     Her ýyl halkara Nowruz baýramy biziň ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär. Bu baýramçylyga dünýäniň dürli künjinden  belent mertebeli myhmanlar gelýär. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan Halkara Nowruz baýramynyň dowamynda ak öýlerde türkmen saçagynyň daşynda jem bolan belent mertebeli myhmanlara, bu ýere gelenleriň her birine hödür-kerem edilýär.

Baýramçylyk günleriniň dowam edýän günlerinde- mekdebimiziň “Aýdym sungaty” bölüminiň III ýyl talyplarynyň “Bahar geldi ülkäme” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda, daşary ýurt kompozitorlarynyň hem eserleri  ýerine ýetirildi.  Konsertiň dowamynda  Abdullaýewa Aýjeren - W. Muhadow we A. Şapoşnikowyň “Kemine we Kazy” operasyndan Ogulbegiň ariozosyny, B. Hudaýnazarowyň “Ene elleri hakda balladasyny,  Welhanow Yhlas – Н. Римский-Корсаков “Не ветер вся с высоты”, Sähetliýewa Güljeren – W. Muhadow we A. Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan “Mahymyň ariýasyny”, R. Rejebowyň “Armanym” aýdymyny, Muhammedow Muhammetaly -  Biksio “Mama”, Aýdogdyýew Mekan – W. Muhadow we A. Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan “Tahyryň ariýasyny” ýekelikde ýerine ýetirdiler. Şeýle-de talyplar duet görnüşinde hem birnäçe eserleri ýerine ýetirdiler. Talyplar öz ýerine ýetiren eserlerinde öz başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Daşary ýurt dillerinde-de aýdymlary ussatlyk bilen aýtdylar. Şowhunly aýdymlary tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertiň soňunda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begdurdy Çerkezow we şol bölümiň III ýyl talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym bilen tamamlandy. Ýerine ýetirilen aýdymlara mugallymlar Amanowa Merjen hem-de Ataýewa Ýuliýa sazandarlyk etdiler. 

      Konserte gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.


“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň

III ýyl talyby Sähetliýewa Güljeren

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219