“Parahatçylygyň dabaraly tanslary”

“Parahatçylygyň dabaraly tanslary”
Gahryman arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedow: “Parahat Ýaşaýyşda sungatyň ajaýyp gözelligi duýulýar. Ol gözelik adamlara dünýäniň iň arzyly nygmatlaryndan paý eçilýär. Men öz halkymyň geljekde hem şonuň hümmetinden paýly bolmagyny isleýärin”
Diýarymyz garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri bilen diňe özara bähbitli ganaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlykly hemde umumadamzat derejesinde peýdaly bolmaly ugrundaky tagallalara ýugurlan hamyrmaýasydyr,ösüşiň kämilligiň aýdyň  ýoluny şöhlelendirýän taglymatdyr.
     Mälim bolşy ýaly, her bir milletiň özüne mahsus medeniýeti, baý medeni mirasy , milliligi bar. Dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan tans sungaty hem benllenmäge mynasypdyr. Tans sungaty  her bir milletiň medeniýetini ,milliligini alamatlandyrýar.Bu sungat wagtyň geçmegi bilen döwrebaplaşdyrylyp barha kämilleşdirilipdir.Häzirli wagtda ençeme tans sungaty bolup ,olar islendik adama ruhy lezzet paýlaýar.
     Ýurdumyzda ösüp gelýän ,Watanymyzyň geljegi bolan  biz ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy  dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin kompýuter enjamlary  bilen üpjün edilen ak mekdepler , ýokary okuw jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär.Eziz ata  Watanymyzyň Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky  Türkmen Döwlet Ýörite Sazçylyk mekdebinde ,,Parahatçylygyň dabaraly tanslary’’ atly  okuw usuly onlaýn maslahaty 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirildi. Bu örän gyzykly boldy. Ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.
    Biziň okuw jaýymyza onlaýn maslahata gatnaşmak üçin  Ahal welaýat Ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary geldiler.Taryhy tans sungaty barada çykyş ýerine ýetirdiler.Bu çykyş örän şowly boldy. Şeýle hem M. Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Ýorite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy we okuwçysy ,,Halk sahna tansynyň ähmiýeti’’ barada gürrüň berdiler hem-de tans ýerine ýetirdiler.
   Horeografiýa bölüminde ýakyndan aragatnaşyk saklaýan halypalarymyz , mugallymlarymyz, deň-duş talyplarymyz bar. Sungat tansçyny bir ýa-da birnäçe adam bilen däl ,eýsem, tutuş tomaşaçy halk bilen aragatnaşyk saklaýar, halka ýakyn bolýar. Bu ugurda maňa Pursiýanowa N.H ,Hummaýowa G.Ý, Mergenowa I.A ,Gurbanowa N.Ç , Ýomudowa Ş.M ,Haýtekowa J.H ,Babaýewa F.B , Hajyýew I.R , ýaly ussat halypa mugallymlar ýol görkeziji ,  deň-duş talyplarymyz bolsa ýoldaş bolýarlar. Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebimiziň  ,,Horeografiýa sungaty ‘’ bölüminiň halypa mugallymy Türkmenistanyň ,,Gaýrat we Watana bolan söýgüsi’’ medalynyň  eýesi Mergenowa I.A ,, Nusgawy tans ‘’ dersinden II ýyl talyplary bilen we Pursiýanowa N.H “ Nusgawy tansy” dersinde III ýyl talyplary bilen ussatlyk sapagyna syn etdiler. Hemmeler biziň geçen sapagymyzy haladylar “Horeografiýa  sungaty” beden we saz sungatynyň sazlaşyp birleşmeginde emele gelip , owadanlygynyň , ýumşaklygynyň, bedeniň sazlaşykly hereketinden gelip çykýan täsin bir sungatydyr. 
      Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag Şäher Ýörite sungat mekdebiniň bölüm müdiri  Hapyzowa G.Ý  “Türkmen milli tanslary- Bagtyýarlyk döwrüniň waspy”  atly çykyşy onlaýn görnüşde geçirildi we şowly tamamlaandy. Türkmen Milli tanslary baý medeni mirasymyzyň özboluşly bir bölegidir. Aslynda tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinden dörändir. Küşdepdi tansy eziz Diýarymyzda dabarasy uludan tutulýan baýramlarymyz  bezegidir. Bu tans  2017-nji ýylda  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gözbaşyny gadymdan alýan bu tans  sungaty halkymyzyň  milli gymmatlygydyr.
       Wagtyň okgunly hereketi gadymy däp-dessurlaryň  täze keşbe eýe  bolmagyna getirýär. Tans sungaty hem gadymyýetden gözbaş alyp , häzirki zaman äheňleri özboluşly sazlaşygy ,  özgertmeleri başdan geçirýär. “Parahatçylygyň dabaraly tanslary” atly geçirilen  maslahata ýurdumyzyň Balkan, Mary, Daşoguz , Lebap  welaýatlary onlaýn görnüşde çykyş etdiler. Onlaýn geçirilen bu masllahatda ýerine ýetirilen ähli çykyşlara täze öwüşgin berlip , täze keşbe eýe bolmak bilen ösdürilýär, şol bir wagtyň özünde hem ruhy mirasyň baý däp-dessurlaryny  ňzünde saklap gelipdir. Tans sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap , olaryň ýerine  ýetiriliş aýratynlyklary her welaýatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly  ýolbaşçylygynda uly üstünlikler gazanylýar , belent sepgitlere ýetilýär. Goý Gahryman  Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag , ömri uzak ,il ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Elwan Garryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
 “Horeografiýa sungaty” bölüminiň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219