Türkmenistan «Al-Arabiýa» teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da «Al-Arabiýa» meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin «Al-Arabiýa» tarapyndan okuw sapaklarynyň geçirilmegi hem-de ýerli KHBS-niň işgärleri üçin hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny barada aýratyn nygtaldy.

«Al-Arabiýa» wekiliýeti işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219