Zehinli okuwçylar başarjaňlygyny görkezýärler

Zehinli okuwçylar başarjaňlygyny görkezýärler
Medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýaş nesillerimiz üçin edýän atalyk aladalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň zehinlerini açmak, bäsleşige ukyplylygyny ösdürmek, saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin uly işler amala aşyrylýar. Ine, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 15-19-y aralygynda hem, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň ähli çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Ýaş zehin” atly döredijilik bäsleşiginiň I tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň Aşgabat şäheri boýunça  I tapgyry Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde gurnaldy. Döredijilik bäsleşigine bäsleşmäge gelen okuwçylaryň kimse meşhur aýdymçy bolmagy, kimse ussat tansçy bolmagy, kimse-de öz ugrundan kämil sazanda bolmagy arzuw edýärdiler. Bäsleşige gelen çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlary  “Türkmen milli saz gurallary”, “Halk saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Bagşyçylyk sungaty”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Horeografiýa sungaty” ýaly ugurlary boýunça üstünlikli çykyş edip, wirtuoz häsiýetli eserleri, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň uly göwrümli saz eserlerini ýerine ýetirip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Eminler topary bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň ýerine ýetirijilik tehnikasyna, eseriň çeperçilik tarapyny açyp görkezişlerine, artistizmlerine syn edip, aýratyn zehinli okuwçylary bäsleşigiň II tapgyryna hödürlediler. Biz hem bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşjak ýaş zehinlerimize uly üstünilkeriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Geljekki watan waspçylary bolan zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmaga, türkmeniň asyrlaryň gözbaşyndan öz köküni alyp gaýdýan medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän nusgalyk mekdebimiz bolan Alym Arkadagymyza, ýüregi diňe “Halkym, watanym” diýip urýan Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan dünýä nusgalyk ynsanperwer işleri hemişe rowaç alsyn. Türkmen aýdym-sazynyň sesi belentden-belent ýaňlansyn!
Sähra Baýryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
 TDÝSM-niň "Sazyň taryhy we nazaryýeti" bölüminiň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219