Beýik zamananyň waspy

Beýik zamananyň waspy
          Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň esasy köki bolan biziň halypa bagşy-sazandalarymyzyň şirin owazlary hasaplanýan bagşyçylyk sungatymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Bagşylar halkyň saz mirasynyň hakyky eýeleridirler. Gahryman Arkadagymyzyň ''Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy'' atly kitabynda türkmen halk bagşyçylyk sungatynyň biziň şu günlerimize gelip ýetmeginde irginsiz zähmet çeken ussatlarymyzyň waspy örän ýerlikli beýan edilýär.
    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagşyçylyk sungatymyzy ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallar” hem-de “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine, ussat halypa bagşy Amanlyk Amanlykowyň sazyna döredilen gözel diýarymyzy,  Türkmenistan ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän netijeli işlerini wasp edýän ajaýyp aýdymy Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýazga geçirdiler. Bu ýazgy türkmen bagşy-sazandalarynyň ýürek buýsanjy, minnetdarlyk owazy bolup ýaň saldy. 
      Bagşyçylyk sungatymyzy öwrenmäge, ösdürmäge, dünýä ýaýmaga, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagşy ýüregimizden uly alkyşlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! 
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň 
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň 
müdiri Ahmedowa Gülnabat

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219