“Halypa-şägirtlik” ýoly

“Halypa-şägirtlik” ýoly
Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň ulydyr. 
Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde biziň hem Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiz hem aýratyn orna eýedir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ýerine ýetirijiliklerini ösdürmekde we baýlaşdyrmakda, sungat älemine ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýörite sazçylyk mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Sungata höwesli ýaşlar saýlap alan hünärlerini uly zähmet bilen kämilleşdirýärler, halypalardan degerli maslahatlaryny alýarlar.
25-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Açyk gapylar” gününiň çäklerinde dürli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlar geçirildi. Biziň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň uly zalynda hem Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, “Üflenip we kakylyp çalynaýn saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Berdiniýaz Rejepmedowyň hem-de uly mugallym Ýazguly Babaniýazowyň ussatlyk sapagy geçirildi.
Ussatlyk sapagynda halypa mugallymlar üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň döreýiş taryhlary we gurluşlary barada gürrüň berdiler. Saz gurallarynda ýerine ýetirmekde ýüze çykýan kynçylyklaryň üstünde nädip işlemelidigini görkezip, birnäçe inçe tilsimleri öwretdiler. Şeýle-de meşhur kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirip görkezdiler. Halypa mugallymlaryň beren maslahatlary, usuly görkezmeleri her bir ýaş mugallym we talyplar üçin diýseň gyzykly boldy. Olaryň her bir aýdan sözüni ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar üns bilen diňlediler. 

Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219