Türkmen bedewiniň milli baýramy.

Türkmen  bedewiniň  milli  baýramy. 
      “Halkara  parahatçylyk  we  ynanyşmak”  ýylynda  her  bir  günümiz  şanly  toý  baýramlara  beslenýär.  Diýarymyzyň  ähli  künjeginde Türkmen  bedewiniň  milli  baýramy  mynbasybetli  toýlar    ulydan     toýlanylýar. Türkmen  halkynyň  milli dünýäsini  nurlandyran,  milli  buýsanjyna, baýlygyna  öwrülen gymmatlyklarymyzyň  biri-de   Ahalteke  bedewlerimizdir. Bu  baýramçylyk  mynasybetli   Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi  hem-de  “Miras”  teleýaýlymy  bilen “Medeni-miras”  gepleşiginde söhbetdeşlik  gurnalyndy  we  halk  köpçüligine  ýetirildi.
    Bu  söhbetdeşlige    mekdebimiziň   Şäher  Täçow,  Spartak Atakow, Aýtäç  Mededowa, Mähri  Jumaýewa, Bägül   Garryýewa  mugallymlar   çykyş  etdiler. Biziň  ata-babalarymyzyň  müňýyllyklaryň  dowamyndan bäri   biziň  günlerimize  gelip  ýeten   atçylyk  bilen  meşgullanmak, seýislemek, iýdeg  etmek, behişdi  bedewlerimizi  toý  baýramlarymyzda  milli  şaý-seplerimiz  bilen  bezemek  däpleri  hakynda  we  Gahryman  Arkadagymyzyň,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň   tagallalary  netijesinde ,  ýurdumyzda  we dünýäniň  ösen  döwletleriň  arasynda  owadanlykda, çydamlylykda, ýyndamlykda , ýow  gününde  goldaw  beren   uçar  ganatyna  öwrülen  ahalteke bedewlerimiz  hakynda  täsirli  gürrüňler  aýdyldy. 
    Söhbetdeşlikde  Şäher  mugallymyň    “Görogly”  eposynda  edermelikde, gaýduwsyzlykda, watansöýüjilikde   Göroglynyň we onuň  Gyratynyň  keşbi  hakynda  gyzykly  gürrüň  berdi  hem-de  “Görogly”  eposyndan behişgi  bedewlerimiz  wasp  edýän şahyrlaryň şygyrlarynda  ajap  setir , sazandanyň  saz guralynda  ajap  mukam, aýdymçynyň  dilinde  ajap  aýdym  bolup, waspy  ýetirilýän  behişdi  bedewlerimiz  hakynda  sözlemäne  sözler  ýetmez. Şeýle  täsirli  gürrüňler  bilen söhbetdeşlikde  üstünlikli  gurnalyndy. Türkmeniň  behişdi  bedewleriniň  baýramy  mynasybetli  gurnalan  söhbetdeşligiň  ahyrynda  mugallymlar  talyp  ýaşlaryny  okatmakda, saz  çalmakda,  sungatyň  taryhyny  öwretmekde mundan  beýläkde  janyny  gaýgyrman  zähmet  çekjekdiklerini aýtdyp    Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyza   köp  sag  bolsun  aýtdylar. 
       Türkmen  medeniýeti  we  sungaty  döwriň  belentliklerine  sary    alyp  barýan  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt döwlet ähmiýetli  işleriniň  rowaç  almagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.  
 
      Bägül  Garryýewa  Ýazmämmedowna 
      Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen milli 
      konserwatoriýasynyň  ýanyndanky Daňatar  
      Öwezow adyndaky  Türkmen  Döwlet  ýörite    
      sazçylyk  mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219