“Açyk gapylar” güni mynasybetli konsert.
“Açyk gapylar” güni mynasybetli konsert.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmak işiniň çäklerinde “Açyk gapylar” güni geçirildi. Gahryman Arkadagly Serdarymyz “Ýaşlar watanyň daýanjy” kitabyny peşgeş edip ýaş nesilleriň ruhuny galkyndyryp, ýaşlaryň geljegine ynam bildirip, olaryň röwşen geljegine çyrag saçdy.
“Açyk gapylar” gününiň geçirilmegi biziň baý taryhymyzy, medeni mirasymyzy, sungatymyzy öwrenmäge we geljekki nesillere durkuny üýtgetmän kämilleşdirip ýetirmäge, gorap saklamaga mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge, geljekki sungat öwrenijileri galkyndyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sungaty öwrenmäge höwesjeň, başarjaň ýaş nesilleri ýüze çykarmaga we olaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Açyk gapylar” güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert gurnaldy.
Konsertde ýerine ýetirilen aýdymlar, sazlar biri- birinden öwüşgünligi bilen tapawutlanyp şatlyk-şowhunly konsert geçdi. Bu dabarada ýerine ýetirilen eserler türkmen nusgawy kompozitorlaryň hem-de daşary ýurt kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi, olardan Rejep Rejepowyň “Bahar geldi” Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň akapella hor toparynyň akapellasy şeýle hem, Atajan Mergenowyň “Aýgytly ädim“ kinofilminden “Artygyň aýdymy” aýdymy we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Muhammetaly Muhammedow “Serenada” daşary ýurt aýdymy, fortepioana saz guralynda Jemşit Galpakowyň “Saz pursady” sazy başga-da birnäçe eserler talyplar we okuwçylaryň ýerine ýetirilmeginde ýaňlandy, dabaranyň şatlyk şowhunyny has hem artdyrdy.
“Açyk gapylar” güni mynasybetli geçirilen konsertiň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hem-de Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň halypa mugallymlary, talyplary we okuwçylary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlygyny tüýs ýürekden aýtdylar. Türkmen medeniýeti we sungaty döwriň belentliklerine sary alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Bägül Garryýewa Ýazmämmedowna
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndanky Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň mugallymy.