Talyplarymyzyň üstünligi


    Hünär bäsleşiginiň ýeňijileri
Ata Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp barýan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurduna öwrüldi. Ýaşlaryň dünýä ylymyna, medeniýetine düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzda ylym, bilim mekdebini ösdürmek, döwrüň ösen, häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlar üçin birnäçe şertler döredilýär. 
Muňa mysal edip, ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurumlarynyň arasynda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşik geçirildi. Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezýän bu bäsleşik “Kompozisiýa”, “Sazyň taryhy we nazaryýeti”, “Türkmen milli saz gurallary”, “Halk saz gurallary”, “Fortepiano”, “Bagşyçylyk sungaty”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Hor dirižýorlygy” ýaly hünärler boýunça geçirilip, bäsleşikde talyp ýaşlar, okuwçylar öz döredijilik ukyplaryny, ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Her ýerine ýetirilen aýdym-saz eserlerine halypalar adalatly baha berdiler we özleriniň pikirlerini, maslahatlaryny aýtdylar.
Eminler topary bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň ýerine ýetiriş aýratynlyklaryna, döredijilik ukyplaryna syn edip tapawutlanan ýaşlary baýrakly orunlara we Hormat hatlaryna mynasyp gördüler. Bäsleşikde tapawutlanan ýaşlaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň hem birnäçe talyplary ýeňiji boldylar. Olar: “Kompozisiýa” hünäri boýunça Artykow Yhlas I orna, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminden Mätgeldiýew Joşgun I orna, Döwletmyradowa Bägül II orna, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminden Rejepmyradow Kakamyrat III orna, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden Agaýewa Aýnur II orna, Ulugbekow Umytbek III orna, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminden Çaryýew Kadyrjan II orna, Orazdurdyýew Begenç III orna mynasyp boldular. Bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlar Hormat hatlary bilen sylaglandyryldy we ähli ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Açyk gapylar” gününiň çäklerinde geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda ähli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlar geçirildi.
Şunuň ýaly hünär bäsleşikleri geçirip, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, okamaga, öwrenmäge, kämil derejede bilim-terbiýe almaga, döretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge, tanyşmaga, şeýle hem ussatlyk sapaklaryny geçirip, halypalardan maslahat almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýtäç Mededowa
Maýa Kulyýewa adyndaky 
TMK-nyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky 
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy 
                                                



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219