2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, milli medeniýeti, sungaty we edebiýaty täze eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurtda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219