“Talyp gözeli-2026” gözellik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”, ýylymyzda mekdebimiziň talyp gyzlarynyň arasynda 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy we Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Talyp gözeli-2026” gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde milliligimizi ýaş nesillere wagyz etmek, mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize hormat goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezmek we gyzlarymyzyň milliligimize mahsus bolan asyllylygyny, buýsançlylygyny äşgär etmek, keşdeçilik sungaty boýunça el işleriniň, däp-dessularmyzyyň ähmiýetini açyp görkezmek, alaja örmek, keşde çekmek, halyçylyk sungatymyza sarpa goýmak, halk döredijiligimizi ýaş nesillere ündemek maksatlary bäsleşige gatnaşýan talyp gözeller tarapyndan aýdyň açylyp görkezildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertinde “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly şygarynyň many-mazmunyny çeper dilde beýan bilen özüňi tanyşdyrmak, ýylymyzyň joşgunly owazyny hünäri esasynda, aýdym, goşgy, sahna çykyşlary ýerine ýerirmek boldy. Ikinji şertinde ene-mamalarymyzyň gyz maşgala degişli birnäçe nesihatlaryny aýdyp berip, keşde çekmek, jorap örmek, el işlerini görkezmekligiň durmuşa ornaşdyrylşy barada gyzlarymyzyň öz mysalynda subut edip görkezildi. Üçünji şertimizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitaplaryndan beýan edilen tymsallaryň birini aýdyp bermek, manysyny düşündirmek ýaly şertlerden ybarat boldy. Bäsleşige mekdebimiziň ähli bölümlerinden bir talyp gyz gatnaşyp mekdebimiz tarapyndan Hormat haty we Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuruldy. Birinji orna “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyby Amandurdyýewa Merjen, ikinji orna “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyby Sugtyýewa Laçyn, üçünji orna bolsa “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyby Nurlyýewa Jennet mynasyp boldular. Pursatdan peýdalanyp bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip, türkmen zenanlarynyň sarpasyny belentden tutýan beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý olaryň janlary sag ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn. Ähli türkmen zenanlarymyzy, gelin-gyzlarymyzy 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen zenanlarymyzyň bahar bägülleri ýaly ter, owadan bolmaklaryny, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny, el hünärleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýärin!
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
Zenanlar guramasynyň başlygy