“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly-at myradyň mekany”
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly-at myradyň mekany”
Atlanyp ak ata Arkadagymyz,
Gelýär, ýurdun synlap Howandarymyz,
Gözelligine haýran eziz halkymyz,
Galkyndyrýar ýylyň ajap şygary –
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan -
Bedew batly – at myradyň mekany.
Bereketli geler her bir pasyllar,
Ýygnalar gök-bakja dürli hasyllar,
Döwletli döwranyň bagtly her güni,
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
Bedew batly – at myradyň mekany.
Buýsançly köňülde ýaňlanýar nama,
Saýrak diller gelýär şirin owaza,
Ussatlar taryplar eziz Watany,
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-
Bedew batly – at myradyň mekany.
Dünýä haýran döwletim seň adyňa,
Ýagty geljek peşgeş berdiň halkyňa,
Gahryman siz Arkadagly Serdarym
Guwanýarys şöhratyňa-şanyňa,
Mäkäm durar beýik Türkmen Binasy
Bedew batly – at myradyň mekany.
Bägül Amanowa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky D. Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň II ýyl talyby