8-mart “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurulyş dabarasy geçirildi


       “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda baharyň buşlukçysy bolan 8-nji mart “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we gelejekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýyrdymyzyň zenanlarynyň ählisine, şol sanda pensiýadaky enelere, öý hojalykçy we işleýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara, okuwçy hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi. Ynha biziň mekdebimizde hem Watanymyzda şöhratly zenanlaryň hormatyna giňden bellenilip geçilýän ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan dabarada Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Garyman Serdarymyzyň zenanlarymyzy sarpalap beren pul sowgatlary mekdebimiziň zenan mugallymlaryna hem-de talyp gyzlaryna uly dabara bilen gowşuryldy. Bu bolsa öz gezeginde mekdebimiziň zenan mugallymlaryna we talyp gelin-gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat boldy. Dabarada mekdebimiziň aýdym-saz, tans döredijilik toparlary türkmen zenanlarymyzy, mähriban käbelerimizi wasp edýän ajaýyp aýdymlary we sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda türkmen zenanlaryny sarpalap mertebelendirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden-belent ýaňlandy. Zenanlara şeýle uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 

Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219