Türkmen aýdym-saz sungatynyň sarsmaz sütüni

       
        Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi tarapyndan kompozitor Daňatar Öwezowyň 115 ýyllygy mynasybetli “Türkmen aýdym-saz sungatynyň sarsmaz sütüni” atly döredijilik hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. 
        Hepdeligiň açylyş dabarasyny mekdebiň direktory M.B.Kerimow giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra kompozitor Daňatar Öwezowyň döredijilik ýoluna bagyşlanan wideorolige tomaşa edildi. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy B.A.Aýdogdyýewa  “Daňatar Öwezow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutujysy” atly tema boýunça prezentasiýaly çykyş etdi. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor K.Gorowow öz ýatlamalaryndan kompozitor barada aýdyp berdi. Halypa kompozitoryň döredijiliginiň täsirli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Begdurdy Çerkezow Daňatar Öwezow we Adrian Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan  Garybyň aýdymyny, şol bölümiň mugallymy Mergen Ataýew Daňatar Öwezowyň we Ýuliý Meýtusyň “Leýli-Mejnun” operasyndan Mejnunyň “Duruňlar habarlaşaly” ariýasyny  ýerine ýetirdiler. Olara  Merjen Amanowa sazandarlyk etdi. Mekdebimiziň hor topary kompozitoryň “Leýla” aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Aýdogdyýewa B.A.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndakt TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219