Daňatar Öwezowyň döredijiligi nesillerimize miras


      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew  batly at –myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Okuw jaýymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri  Daňatar Öwezowyň  doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli okuw jaýymyzyň guramagyndaky  “Türkmen aýdym-saz sungatynyň sarsmaz sütüni” atly döredijilik hepdeligi dowam edýär. Hepdeligiň ikinji gününde okuw jaýymyzyň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň gurnamagynda  “Daňatar Öwezowyň döredijiligi nesillerimize miras” atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahata okuw jaýymyzyň halypa mugallymlary talyplary we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň, Ahal welaýat sungat mekdebinden hem mugallymlar gatnaşdylar. Maslahaty “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa açdy we okuw-usuly maslahatynyň meýilnamasy bilen tanyşdyrdy. Talyplaryň kompozitora bagyşlap taýýarlan kompozisiýa çykyşlary bu maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy. Maslahatyň dowamynda bölümimiziň mugallymlary we talyplary D. Öwezowyň döredijiliginden dürli temalar boýunça gyzykly prezintasiýaly çykyşlar bilen çykyş etdiler. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Meretgulyýewa “Daňatar Öwezowyň döredijiliginde opera dramaturgiýasynyň aýratynlyklary: nusgawy opera formalary bilen milli däpleriň utgaşmagy” atly tema boýunça,  Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Maýsa Goçgeldiýewa “Daňatar Öwezowyň döredijiligini öwretmekde mobil programmanyň ähmiýeti” atly tema boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda ussat kompozitoryň nesillerimize miras galdyran aýdym-saz sungatynda, ürkmen halkynyň milliligini, däp-dessurlary, halkyň baýlygyny, bedew atlaryny, halysyny, nebit-gazyny, ak pagtasyny, her bir döreden eseriniň içinde duýmak bolýar. Daňatar Öwezowyň operalary teatr sahnalarynyň bezegidir. 
    Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. 


Haýdarowa Ogulsona
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219