“Ýaş zehin” ady bilen geçirilen bäsleşik


Bedew batly ösüşlere beslenen ata-Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaşlaryň arasynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň öňegidişliklerine öz mynasyp seslerini goşjak, geljekde türkmeniň milli aýdym-saz sungatyny dünýä sahnalarynda belentden ýaňlandyrjak zehinli sazandalary saýlap-seçip almak maksady bilen dürli görnüşli netijeli bäsleşikleriň geçirilmegi yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň çagalar sazçylyk mekdepleriniň uçurym sazandalarynyň arasynda “Ýaş zehin” ady bilen geçirilen ýerine ýetirijileriň bäsleşigi özüniň oňyn netijeleri bilen gatnaşyjylarda begenç, çagalaryň çykyşlaryna adalatly baha berýän tejribeli sazandalardan düzülen emin agzalarda bolsa aýratyn buýsanç duýgularyny galdyrdy. 
  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň birinji tapgyry mart aýynyň 16-18-i aralygynda welaýatlarda geçirildi. Bäsleşigiň ikinji tapgyry mart aýynyň 26-28-i aralygynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi. 
Bäsleşikde çagalar sazçylyk mekdebiniň uçurymlary iki sany eseri ýerine ýetirmek arkaly çykyşlaryny emin-agazalaryň dykgatyna ýetirdiler. Bäsleşik bagşyçylyk, aýdym aýtmak sungaty, horeografiýa sungaty, fortepiano, kirişli saz gurallary, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Bäsleşikde emin-agzalar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sazandalary diňe bir janly ýaňlanyşda diňlemek bilen çäklenmän, eýsem welaýat çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren sazlaryny onlaýn arkaly diňlemek bilen netijeli baha berdiler. Bäsleşigiň emin-agzalary hökmünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň iň bir öňdebaryjy, tejribeli sazanda mugallymlary saýlanyp, özleriniň oňyn netijelerini çykardylar. 
Bäsleşigiň jemi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň konsert zalynda ýeňijileri sylaglamak arkaly dabaraly geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýeňiji sazandalar özleriniň ussatlygyny naýbaşy eserleri ýerine ýetirmek bilen subut etdiler. Deň-duşlaryndan saýlanan talyplar hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. 
Ýaşlara hünär ussatlygyny ýüze çykarmakda döredilip berilýän şeýle mümkinçilikleriň sakasynda duran Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Mähriban Jumaýewa
 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219