Nowruz geldi ilime
Türkmen halkynyň Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruz – tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanmagynyň baýramy bolup, gözbaşyny hem bereketli topragymyzdan alýar.
Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Baharyň buşlukçysy bolan bu baýramy halkymyz has şowhunly belleýär. Toý saçaklary giňden ýazylyp, dürli naz-nygmatlar esasan hem bu baýramyň buşlukçysy bolan semeni bişirilip, agzybirlikde bir supraň başyna jemlenipdirler.
21-22-nji martda “Nowruz ýaýlasynda” uludan tutulýan türkmen toýunyň şowhunly ýagdaýy emele geldi, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Biziň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň talyplary hem Nowruz ýaýlasynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşdylar. Mekdebimiziň gyzlar hory özleriniň ajaýyp aýdymlary, läleleri bilen, bagşylar topary türkmen halk aýdym-sazlary bilen, estrada aýdymçylar we deprekçiler topary bolsa doganlyk halklarymyzyň aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Talyplarymyzyň baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň mizemez agzybirligi we jebisligi, ýurdumyzyň saýlap alan döredijilik ýolundaky ynamly ädimleri wasp edildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Aýdogdyýewa B.A.