Ylham çeşmesi atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýurdumyzyň görnükli kompozitory Danatar Hydyrow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölümine degişli mugallymlar Jennet Orazowa hem-de Larisa Amanowa tarapyndan guralan bu çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, geljekki saz sungatynyň ussatlaryny terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Duşuşygyň başynda hormatly myhman — meşhur kompozitor özüniň döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňleri berdi. Onuň çykyşynda türkmen hünär saz sungatynyň kemala geliş taryhy, ilkinji ädimlerden başlap, tä uly göwrümli eserleriň döreýiş pursatlaryna çenli sahypalar janlandyryldy.
Duşuşygyň dowamynda çykyş eden hormatly myhmanlar we halypa sungat ussatlary kompozitor bilen geçiren bilelikdäki işleri we döredijilik ýollary baradaky ýakymly ýatlamalaryny uly mähir bilen paýlaşdylar. Olar Danatar Hydyrowyň diňe bir ussat kompozitor bolman, eýsem, asylly ynsan we kämil halypa hökmünde galdyran täsirlerini aýratyn nygtadylar. Bu mähirli ýatlamalar duşuşygyň dowamynda aýratyn ruhy joşgun döretdi.
Duşuşyga gatnaşanlaryň arasyndaTürkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, dramaturg Berdi Bäşimow, Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow, Türkmenistanyň halk artisti, baletmeýster, horeograf Seýit Nepesow, şekillendiriş sungatynyň suratkeşleri hem bardy. Çykyşlarda sungatyň diňe bir gyzykly ýatlamalar däl-de, eýsem Watana bolan belent söýgi we jogapkärçilikdigi baradaky pähimler beýan edildi.
Döredijilik duşuşygyň iň täsirli pursatlary ussatlaryň we zehinli ýaşlaryň ýerine ýetiren saz eserleri boldy. Türkmenistanyň halk artisti, «altyn baritony» Atageldi Garýagdyýewyň çykyşy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Ony fortepianoda Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat konsertmeýster Wladimir Mkrtumow ussatlyk bilen utgaşdyrdy.
Şeýle-de, Bibijemal Amanowanyň we wokal bölümüniň 4-nji ýyl talyby Güljeren Sähetliýewa tarapyndan ýerine ýetirilen eserler biziň okuw jaýymyzyň taýýarlanylýan kadrlaryň ýokary derejesini ýene bir gezek subut etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugagallymy, Daňatar Hydyrowyň talybynyň ugradan wideo-gutlagy görkezildi. Bu pursat mugallymlar bilen uçurymlaryň arasyndaky ýyllar boýy dowam edýän sylaşygyň we minnetdarlygyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi döwletimiziň medeniýet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyna berýän yzygiderli üns-aladasy netijesinde, ýaş zehinleriň ösmegi we milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Jennet Orazowa
"Sazyň taryhy we nazaryýeti"
bölüminiň mugallymy