Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň 26–28-nji marty aralygynda Daşoguz welaýatynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçirildi. Bu festiwal hem ýokardaky sanalan ykraryýet ýollarynyň yzygiderli dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Aýdym-sazyň bar ýerinde parahatçylyk bar, ruhy taýdan kämilleşmek bar. Ine, şu zatlar dogrusynda pikir edip oturan wagtym Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyksazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabyndan ýandepderçäme eden belliklerimiň birini size ýetiresim gelýär. Goý, Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Watanymyzyň halka ýörelgesini dabaralandyrýan bu ajaýyp, kämil kesgitleme şu makalamyzyň jemlemesi bolsun! «Goý, her bir öýde abadanlyk höküm sürsün! Dünýäde abadanlyk baradaky arzuwlar rowaçlansyn! Eziz il-halkym! Men halkymyzyň gymmatly sungat eserlerindäki dili senaly, goly dutarly, köňli sazly gahrymanlaryny gözellige durky bilen berilmegiň asyl nusgasy diýip hasap edýärin. Sözüň ýürege barmagy üçin, onuň ynsanyň durkundan syzylmagy zerurdyr. Şu gün biz Bitaraplyk döwlet syýasatymyzyň rowaçlanmagyny sungatymyzdan aňylýan şol akyl-paýhas, zehinbelentligi bilen baglanyşdyrýarys. Sungata sarpa ertirki günümize sarpamyzdyr. Şol sebäpli biz ruhy baýlygyň manysyna aýdyň düşünip, dünýäniň ähli halklarynyň abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky maksatnamalary durmuşa geçirýäris. Goý, saz ýaňlansyn, mukamlar göwünleriň ýagşy niýetini amala aşyryp, ynsan ruhuny gülletsin». (Kitabyň104-njisahypasyndanalnan)