Saýra Dutarym

      Aýdym-saz sungaty asyrlar boýy halkymyzyň hemrasy, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hem bu ajaýyp milli ýörelge mynasyp dowam etdirilýär.Buýsançly döwrümiziň bedew batly ösüş özgerişleri, aýdym-sazlarymyzda belentden belent wasp edilýär. Ýagşysyny ýaýmak halkymyzyň ýene-de bir arzyly däbi. Şeýle bolansoň aýdym-saz sungatymyza merdana halkymyz hemişe aýratyn üns berýär. Milli aýdym-saz we bagşyçylyk sungatymyz hem hut şeýle aladalar bilen gurşalyp, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýär.Halk aýdym-saz sungatymyzy asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere ýetiren meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik däpleri häzirki döwürde sazşynaslarymyz tarapyndan içgin öwrenilip, geljek nesillere ýetirmek ugrunda uly tagallalar edilýär
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň "Bagşyçylyk sungaty" bölüminiň hem-de "Türkmen milli saz gurallar" bölüminiň mugallymlary we talyplary Arkadag şäher medeniýet toplumynda Arkadag teleýaýlymyna birnäçe ajayyp milli aýdym-sazlarymyzy ýazga geçirdiler. Bagşyçylyk sungaty bölümininiň mugallymlary Baýramow Serdar, Ahmedowa Gülnabat, Amanlykow Amanlyk, Annagulyýew Yslamguly, Täçew Şäher, Mededow Şöhratberdi öz gezeklerinde halypalarymyzdan miras galan Türkmen halk aýdymlary "Elden gider", "Näzli dilber",  "Ýat bolar",  "Sen yetir", "Tüni derýa", "Bidert ýarym" ýaly ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýazgynyň dowamynda "Bagşyçylyk sungaty" bölüminiň talyplaryndan düzülen ansambl topary hem çykyş etdiler. Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşlygyndaky ansambl topary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlaryny hem-de ýylymyzyň şygaryny wasp edip aýdymlary ýerine ýetirdiler.Ýazgy mugallymlar hem-de talyp ýaşlar üçin örän täsirli geçdi. Ýazgy gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözleri bilen tamamlandy.
     Halypa-şägirtlik ýoluny giňden açyp beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ahmedowa Gülnabat  
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
"Bagşyçylyk sungaty" bölüminiň müdiri 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219