“Ýaşlyk” teleýaýlymynda ýazgy

       “Ýaşlyk” teleýaýlymynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gepleşik ýazgysy edildi. Şatlykly we gyzykly pursatlara baý bolan bu gepleşik türkmen saz sungatynyň ýaş zehinleriniň döredijilik dünýäsine täze bir ýol açdy. “Watan waspçylary” atly zehinli talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlaryň eýesi bolan Sugtyýewa Laçyn we Kurbanow Günhanyň döreden ajaýyp eserleri bilen tanyş bolduk. Olaryň eserleriniň döreýiş taryhy, geljekki maksatlary barada täsirli gürrüňler edildi. “Göwnüm” diýip atlandyrylýan Kurbanow Günhanyň bu eseri mekdebimiziň mugallymy Begdurdy Çerkezowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Bu aýdymy diňläniňde özüniň mylaýymlylygy we süýjiligi bilen ýüreklere ruhy lezzet berýär. Şeýle-de zehinli talybymyz bolan Laçyn Sugtyýewanyň ýylyň şygaryna bagyşlap ýazan “Bedewler” atly eseri hor toparynyň belent owazy bilen gepleşigi aýratyn dabaralandyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda halypa mugallymlarymyz bolan Sähra Baýryýewanyň, Guwanç Ataýewyň, Begdurdy Çerkezowyň talyplara saz bilimini wäe watançylyk terbiýesini bermekdäki häzirki wagtda alyp barýan işlerini, geçirilýän bäsleşikler, konsertler, teleýazgylary, Alkyşnamalar we Waspnamalar, sungat äleminiň möhüm meseleleri, saz sungatynyň inçe syrlaryny, beren gyzykly gürrüňlerini diňledik. Halkymyza, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara döredijilik ýoly bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän  sungatymyzyň Hak Howandary bolan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Mundan başga-da ýakyn günlerde  mähriban Watanymyz, ýurt baştutanymyz üçin döredilen alkyşnama sözleriniň teleýazgylarda orun aljagyny habar berdiler. Gepleşigiň  ýene-de bir gyzykly pursatlaryň biri hem, mekdebimiziň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Saýasynda Arkadagly Serdaryň” atly akapella aýdymy boldy. Bu aýdym ýurdumyza bolan milli buýsanjyň belent owazy hökmünde ýüreklere ornaşdy.
    Örän gyzykly we täsirli geçen gepleşik ýazgysy, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň diňe bir bilim ojagydygyny däl, eýsem hakyky zehinleriň kemala gelýän mukaddes mekanydygyny ýene bir gezek subut etdi. Halypa mugallymlaryň goldawy we talyplaryň joşguny bilen kemala gelen bu saz eserleri törkmen medeniýetiniň mirasyny baýlaşdyrmaga dowam eder. Bize şular ýaly sungat äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başy aman, işleri rowaçlyklara beslensin!

Amanowa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň II ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219