Sungat äleminde zehinleriň synagy.

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň joşgunly günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlar baradaky edýän bimöçber aladalaryndan ruhlanyp, bilim ojagymyzda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplarynyň arasynda “Sungat synagy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýaş sazşynaslaryň diňe bir bilimlerini däl, eýsem olaryň sungata bolan höwesini, döredijik ukyplaryny hem açyp görkezdi.
Bäsleşige jemi 30 sany  talyp gatnaşyp, olar: “Älem”, “Güneş”,“Owaz” atly toparlara bölündiler. Her topar öz toparbaşysynyň töweregine jebisleşip, ýeňiş ugrunda tutanýerli bäsleşdiler. Bäsleşik özüniň mazmuny we täsirliligi bilen tapawutlandy. 
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şerti “Sungat we onuň görnüşleri”, talyplar “Saz teoriýa”, “Solfejio”, “Garmoniýa” ýaly dersler bilen birlikde sungatyň beýleki ugurlary boýunça 10-20-30 bally sowallara jogap berdiler. Ikinji şertde talyplar Türkmen we daşary ýurt saz edebiýatyndan şeýle hem Saz eserleriniň derňewi dersinden tanyş bolan eserleriň görkezilen suratlary esasynda seljerme işini ýerine ýetirdiler. Bu şertde eseriň awtoryny, operalary ýa-da kompozitoryň döredijiligini anyklamak talap edildi. Üçünji şertde bolsa, toparlar biri-birine hünäri boýunça sowallar bermek bilen bäsleşigi jemlediler. 
Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijesinde “Älem” topary beýleki toparlardan saýlanyp, dabaraly ýagdaýda ýeňiş gazanmagy başardy. Emma beýleki toparlaryň hem görkezen işjeňligi we sungata bolan söýgüsi talyplaryň geljekde ussat sazşynaslar bolup ýetişjekdiklerine uly ynam döretdi.Bize şular ýaly sungat äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 


Mädalyýewa Leýli
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň III ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219