Mugallym Aýlar Hojalekowanyň IV ýyl talyplarynyň konserti geçdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiz, sungatymyz dünýä ýaýylyp ösüşiň täze belentliklerine göterilýär. Bu belent depginde ösýän eşretli, asuda asmanly ýurtda ýaşaýan döredijilik işgärleri belent sepgitlerden ruhlanyp özleriniň ylhamy bilen toýdur dabaralara eserleri bilen çykyş edýärler.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň Wiolonçel saz guraly ugry boýunça Aýlar Hojalekowanyň IV ýyl talyplarynyň konserti geçirildi. Akmämmedow Ybraýym Iogan Sebastýan Bah “Ariozzo”, Georg Golterman “Kapriççio”, Luidji Bokkerini wiolonçel üçin “Konsert” eserlerini ýerine ýetirdi. Gaýrat Muhammetjumaýew Sezar Kýui “Kantabile”, Kamil Sen-Sans “Allegro Appossionato”, Iogan Hristian Bahyň wiolonçel we fortepiano üçin do minor konserti II-III bölümlerini çaldy. Sazandarlyk etdi Ýagşymyradow Erjel. Aýlar Hojalekowa bilen “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Ogulgerek Dinç Gabriel Foreniň “Elegiýa” eserini çaldylar. Konsertiň soňunda Aýlar Hojalekowa talyplary bilen wiolonçelden düzülen ansambl bolup ýerine ýetiren Rolf Lowlandyň eserlerleri hem-de birnäçe eserleri diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy.
Bize ähli babatda ýol-ýörelge parasatly öwüt nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň Hormatly il Ýaşulysy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin.
Dünýägözel Toýlyýewa
“Kirişli saz gurallary”
bölüminiň mugallymy