Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň taýsyz tagallalary esasynda milli medeniýetimizi ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň durmuşyny ruhy mazmun bilen baýlaşdyryp, ildeşlerimizi her bir işde belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrýar. 
        Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde professional saz  sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleriniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplary, halypa kompozitorlardyr suratkeşler, şeýle-de  TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew ýaly hormatly myhmanlar gatnaşdylar.  
Ylmy-amaly maslahtynyň başynda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory  Amangeldiýew R. H. çykyş etdi. Ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar Weli Muhadowyň ömri-döredijiligi, ajaýyp eserleri barada gyzykly çykyş etdiler. Biziň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Baýryýewa S.S. Weli Muhadowyň “Ganly Saka” operasynyň dramaturgiýasynyň aýratynlyklary” atly tema boýunça çykyş etdi.
Weli Muhadowyň ýubileýine bagyşlanan bu ylmy-amaly maslahaty dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklary berkitmekde hem möhüm ahmiýete eýedir. 

Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
TDÝSM-nyň "Sazyň taryhy we nazaryýeti" 
bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219