Halypa kompozitorlaryň ýubileýlerine bagyşlandy
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň guramagynda “Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri (D. Öwezowyň, W. Muhadowyň, S. Tüýliýewiň ýubileýlerine bagyşlanýar)” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahatda biziň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümimiziň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşyp, çykyş etdiler. Çykyşlarda halypa kompozitorlaryň döredijilik ýollary, eserleri barada ylmy garaýyşlar bilen seljerildi.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Baýryýewa S.S. “Weli Muhadowyň “Ganly saka” atly operasynyň dramaturgiýasynyň aýratynlyklary we horuň orny” atly tema bilen çykyş etdi. “Ganly saka” operasynyň mazmuny, gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Kompozitoryň bu operasyny daşary ýurt kompozitorlary L. wan Bethowen we M.P.Musorgskiniň operalary bilen deňeşdirmeleri barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdy.
Maslahatyň dowamynda türkmen operasy we dessan sungatynyň özara baglanyşygy aýratyn orun aldy. Aýdogdyýewa B. “D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasynyň seljermeleri” atly tema bilen çykyş edip, edebi mirasymyz bolan “Şasenem-Garyp” operasynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini açyp görkezdi.
S.Tüýliýewiň döredijiligi bilen baglanyşykly çykyşlar aýratyn gyzyklanma döredip, halypa kompozitoryň hut özüniň maslahata gatnaşyp, çykyş etmegi has täsirli boldy. Mugallym Orazowa J. “S. Tüýliýewiň döredijiliginde simfoniki poma žanrynyň aýratynlyklary” tema bilen çykyş etdi. Kompozitor S. Tüýliýewiň eserleriniň wideo ýazgylary hem görkezildi.
Aýdogdyýewa Bägül
M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky D.Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy