“Kirişli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyplarynyň konserti geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyplarynyň konserti geçirildi. Bölümde skripka, alt, wiolonçel, kontrabas ýaly saz gurallar okap bilim alýarlar. Konsertde talyplar Rus kompozitor Aleksandr Glazunowyň, türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Röwşen Nepesowyň, Azerbeýjan kompozitory Kara Karaýewiň, Awstriýa kompozitory Ignats Pleýeliň, Argentin kompozitory Astor Piazolla we Karlos Gardel ýaly görnükli kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi. Konsertde kirişli duet, trio, kwartet we kwintet bolup dürli häsiýetde eserler ýaňlandy. Konsertde “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary Reýhan Bagdasarowa, Ogulgerek Dinç hem-de “Fortepiano” bölüminiň talyplary Jemşit Galpakow, Mukam Halmuhammedow sazandarlyk etdiler. Konserti taýýarlan “KSG” bölüminiň II ýyl talyplarynyň topar ýolbaşçysy Dünýägözel Toýlyýewa. Asuda ata-watanymyzda taryhy wakalar ösüşler, özgerişler barha bat alýan döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlara bilim bermek, olary öz okaýan hünärlerinde has-da höweslendirmek, sungatymyzyň we medeniýetimiziň gülläp ösmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsynlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Dünýägözel Toýlyýewa.
“KSG” bölüminiň mugallymy