Hasabat konserti !

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew  batly at –myradyň mekany”  ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda  ýylymyzyň  şygary, şeýle-de  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň   adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri  Daňatar Öwezowyň  doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti geçirildi.  
   Konserta gelen myhmanlary  teatryň  girelgesinde Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly öz şirin-owazly aýdymlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde mekdebimiziň kitaphanasy tarapyndan gurnalan ajaýyp sergisi özboluşly bezeg berdi. Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň sazyna, Merdan Sähedowyň sözlerine döredilen  “Türkmenistan” atly ajaýyp aýdym bilen badalga aldy. Amangeldi Hudagulyýewyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Yhlas Welhanow  hem-de hor topary ýerine ýetirdi.
Dabaranyň dowamynda birnäçe  türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Abdylla Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Çandybil deprekçiler” toparynyň “Saz çemeni ” atly kakuwlary dabara has-da joşgun berdi. Konsert simfoniki orkesrtriniň ýerine ýetirmeginde  Hezret Reýimbaýewyň  döreden  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew  batly at –myradyň mekany” diýen ajaýyp aýdymy bilen tamamlandy. Eseri Eziz Jumagulyýewiň dirižýorlyk etmeginde Begdurdy Çerkezow, Oguljeren Seýidowa hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el-çalpyşmalar bilen tamamlandy. 
    Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. 

Haýdarowa Ogulsona
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219