"Medeniyet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni" mynasybetli baýramçylyk konserti
Her ýylyň 27-nji iýunynda tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň däp bolan täsirli we joşgunly ruhunyň çäklerinde dabaraly çäreler geçirilýär. Ýylyň-ýylyna guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir. Geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi tarapyndan gurnalan ajaýyp konsert "Watan" kinokonsert merkezinde baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgün çaýdy. Mekdebiň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynyň her birinde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligi şöhlelendirildi. Mekdebiň kamera orkestri tarapyndan ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen Nury Halmämmedowyň Şükür bagşy kinofilmine ýazan "Şüküriň at çapyşy sazy parahatçylygyň simwoly hökmünde konsertiň ajaýyp badalgasy boldy. Bitarap Watanymyzda Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet strategiýasynda dürli döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigi, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goyan ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny we dürli öwüşginli many-mazmuna baýdygyny hem-de onuň halklaryň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň ösdürilmegini şertlendirýändigini konsertde ýerine ýetirilen türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapdy. Ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen eserler Watanymyzyň häzirki döwrüniň waspyny ýetirdi. Konsertiň dowamynda Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň hem joşgunly çykyş etmekleri Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň has-da mäkäm ýola goýulandygynyň aýdyň subutnamasydyr. "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda ahal-teke bedewlerimiziň waspy hökmünde ýaňlanan "Görogly" şadessanyndan Döwletgeldi Ökdürowyň döreden "Gyratym girse meýdana", kompozitor Çary Nurymowyň "Meleguş" aýdymy tomaşaçylar tarapyndan has-da mähirli garşylandy. Konsertde ýerine ýetirilen aýdym-sazlar iň naýbaşy milli nusgawy we häzirki zaman saz eserleriniň nusgalary täsirli ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgulary ýerine ýetirilen aýdymlaryň çuňňur döredijilik we watançylyk ruhuny has-da güýçlendirdi. Tomaşaçylaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany!" atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren bu aýdymy hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallygynyň, iň gowy arzuwlarynyň beýany bolup ýaňlandy.
Baýryýewa Sähra
"Sazyň taryhy we nazaryýeti"
bölüminiň müdiri